Jebisligiň şahyry

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Bu gün Magtymgulynyň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar durmuşy hasyl boldy. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy» diýip, mundan birnäçe ýyl öň aýdan dürdäne sözleri durmuş hakykata öwrüldi.

Türkmeniň Hakdan halatly şahyrynyň:

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy —

diýen dogaýy kelamy bu gün hasyl boldy. Şeýle hem bu gün şahyryň:

Hydyr gören çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Derwüşler köňli jem dursun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz —

diýen ynsanperwer arzuwlarynyň hasyl bolan döwrüdir.

Öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan dünýä nusgalyk buýsanja ýugrulan bu ynsanperwer ýörelge häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasatynda hem öz mynasyp dowamatyny tapýar. Hut şonuň üçinem biziň ilkinji guramalarymyzyň işjeň agzalary bilen bilelikde dünýä poeziýasynyň parlak ýyldyzy hökmünde ykrar edilen beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, welaýatymyzyň etraplarynda, şäherlerinde, obalarynda ýaşaýjylaryň, şonuň ýaly-da, edara-kärhanalaryň, dürli önümçilik düzümleriniň zähmet toparlarynyň, okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda guraýan köpçülikleýin çäreleriniň her biri merdana halkymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan söýgi-buýsanjyndan gözbaş tapýar. TDP-niň Balkan welaýat komiteti we onuň düzümleri şu ýyl uludan toýlanýan bu şanly senäniň hormatyna bagyşlap çäreleri geçirýär. Beýik söz ussadymyzyň dogduk mekanynda — Magtymguly Pyragy muzeýinde, şeýle hem etrabyň Gerkez obasyndaky öý-muzeýinde geçiren çärelerimiz, welaýat kitaphanasynda yzygiderli guraýan döredijilik duşuşyklarymyz oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda diňe bir işjeň agzalarymyz, mekdep mugallymlary çykyş etmän, mekdepleriň ýokary synyp okuwçylary, şonuň ýaly-da, Balkanabatdaky ýokary we ýörite orta hünär mekdeplerinde okaýan talyplar ruhy seždegähimize bagyşlap öz döreden şygyrlaryny buýsanç bilen okap berýärler. Biziň bu zehinli ýaşlarymyzy ýörite ýadygärlik sowgatlary, Hormat hatlary bilen sylaglap durmagymyz bolsa olary täze döredijilik üstünliklerine höweslendirýär.

Beýik söz ussadyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, şu günler yzygiderli geçirýän duşuşyklarymyza gatnaşýanlar öz mähriban halkyny bagtly şu günlerimizden ýagty ertirlere ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirip, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy, beýik söz ussadymyzyň dürdäne şygyrlaryny öwrenmekde we wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda amala aşyrýan ägirt uly işlerinde baky rowaçlyk arzuw edýärler.

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

28.05.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -