Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär.
Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boldy.
Magtymguly Pyragynyň eserleri dürli döwürlerde golýazma görnüşinde, daşbasma (litografiýa), poligrafiýa usullarynda çap edilip, okyjylara ýetirilipdir we höwes bilen okalýan kitaplaryň hatarynda bolupdyr. Söz ussadynyň şanly toýuna bagyşlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilen şygyrlar ýygyndysy bolsa, ýokary hilliligi, özboluşly bezegleri bilen has-da uly täsir galdyrýar. Halk paýhasyny çeper dilde sünnäläp beren şahyryň bu ajaýyp kitabynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik barada filosofik garaýyşlary beýan edýän şygyrlar orun alypdyr. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky ýaşaýar. Dana şahyryň şygyrlaryndaky filosofik garaýyşlar tutuş adamzada bitewüligi ündeýär. Onuň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň wysaly bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz bu gün şol bitewülikden ugur alýar. Magtymgulynyň watançylyk temasynda ýazan şygyrlary XVIII asyr türkmen we türki dilli edebiýatyň ösmegine uly täsir edip, geljekki şahyrlar üçin özboluşly edebi mekdebe öwrülipdir. Onuň dogduk mekanynda berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary halky agzybirlige çagyrypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi we pelsepewi garaýyşlaryny, öz döwürdeşleriniň durmuşyna ýetiren oňyn täsirini hemmetaraplaýyn öwrenmek, şahyryň döredijiliginiň türkmen we Gündogar halklarynyň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek ugrunda zerur bolan ähli tagallalary edýär. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt heýkeliniň gurulmagy beýik şahyra uly sarpa goýulýandygyny, onuň ömrüniň, döredijilik mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin görelde bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Maýsa Gurbanowa, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy
"Arkadag" gazeti
30.05.2024 ý