Milli demokratiýa ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy ýurdumyzyň gülläp ösmegini, dünýädäki abraýynyň artmagyny, halkymyzyň parahat, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny şertlendirýär. Durnukly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimizi, abadan we bagtyýar durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti goramakda guwandyryjy netijeleri gazanmak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgelerinde jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklary hukuk esasynda guralýar. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinmeklerine daýanýar. Kämil kanuna daýanýan milli demokratik ýörelgelerimiz bilen öňe gitmek döwletimiziň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär. Halkyň geçen nesilleriniň tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklary jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu asylly däplerde türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, olaryň özara täsiri we gatnaşyklary öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli demokratiýany ösdürmekde raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmegiň, syýasy ulgamy ösdürmegiň, şeýle-de kämilleşdirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berýärler. Munuň özi ilatyň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagynda, raýatlaryň durmuş, syýasy hukuklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda öz beýanyny tapýan demokratiýany kämilleşdirmegiň yzygiderli işiniň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň kanunalaýyklygy hökmünde çykyş etmegine oňaýly täsir edýär.

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň edaralaryny döretmek, syýasy ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça köp işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän syýasy-hukuk, demokratik özgertmeler hemmämiziň öňümizde döwrüň talaplaryna laýyklykda, täzeçe işlemek, raýatlaryň syýasy sowatlylygyny artdyrmak, ilat arasynda alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösdürmek, döwlet syýasatynyň mazmunyny baýlaşdyrmak babatda ençeme täze wezipeleri goýýar. Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hökmünde jemgyýetde hemişe uly güýç bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda netijeli işleri alyp barjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys.

Didar Osmanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

30.05.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti