Merkezi Aziýanyň merjen şäheri — gözel paýtagtymyz Aşgabat eziz Diýarymyzyň günsaýyn gülläp ösýän kuwwatly döwlete öwrülendiginiň nyşanydyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda şol seneden bäri her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilip gelinýär.
Dünýä türkmenleri üçin baş şäher hem-de milli döwletliligiň mizemez binýady bolan Aşgabat özboluşly, owadan binagärlik keşbi bilen bütin dünýäniň ünsüni çekýär. Aşgabatdaky Baş baýdak sütüni, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguz hanyň sekiz burçly ýyldyzy, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen haly gölüniň şekili, Aşgabadyň «Olimpiýa» stadionyndaky ahalteke bedewiniň şekili hem-de Olimpiýa şäherçesindäki sportuň suw görnüşleri boýunça toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen, paýtagtymyz günsaýyn gözelleşýär. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňaýly durmuş şertleri bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlary kemala geldi, durmuş hem-de beýleki maksatly desgalaryň köp sanlysy guruldy. Täze, özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän toplumlar döredildi. Tämizligi, arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göwünleri galkyndyrýan Aşgabadyň aýratyn derejesi «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanun bilen kesgitlenenligidir.
Paýtagtymyzyň öňüni alyş diplomatiýasynyň hem-de oňyn bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmündäki abraýy barha artýar. Aşgabatda 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agza döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy açyldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli nusgawy şahyrmyzyň belent heýkeliniň açylmagy paýtagtymyzyň keşbini has-da gözelleşdirdi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekandan berkarar döwletimiziň ösüşleriniň nyşany bolan Aşgabady synlaýan akyldaryň nazarynda ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň hasyl bolanyna buýsanç duýulýar. Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň ak ýollaryna atarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
04.06.2024 ý