Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen toý-baýramly, döwletli-döwranly, bagtyýar zamanada ýaşaýarys. Milli baýramlarymyz, Magtymguly Pyragynyň arzuwlaýşy ýaly, bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen bellenilýär.
Ine, şeýle baýramlaryň biri hem Gurban baýramydyr. Mukaddes Gurban baýramy irki döwürlerden gözbaş alyp, oňa gadymy Oguz ýörelgeleri, ahlak-edep, pähim-parasat ýakymlylygy siňipdir. Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mukaddes Gurban baýramynyň däp-dessurlary döwrebap öwüşginlerde berjaý edilýär.
Gurban baýramy musulmanlaryň baýramy hökmünde dünýäniň köp halklarynda bellenilýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, bu ýyl ata Watanymyzda hem Gurban baýramy uludan tutulýar. Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde hiňňildikler dikilýär, toý gazanlary atarylýar, at çapdyrylýar, göreş tutmak, ýaglyga towusmak, gazal aýdyp, küşt depmek ýaly däpler berjaý edilýär.
Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, erkana durmuşyny, milli däp-dessurlaryna goýýan sarpasyny, belent ynsanperwerlik häsiýetlerini açyp görkezýär. Şeýle-de Gurban baýramy dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär. Ýurdumyzda Gurban baýramy üç günläp bellenilýär.
Gurbanlyk sadakalary Gurban baýramynyň birinji güni baýram namazy okalandan soň başlanýar. Adat boýunça gurbanlyk malynyň etiniň deň üç bölege bölünmegi, bir böleginiň gurbanlyk berýän maşgalanyň özüne, beýleki iki böleginiň bolsa, nahar taýýarlanylyp, dogan-garyndaşlaryň myhmançylyga çagyrylmagy halkymyzyň ynsanperwerlik häsiýetlerini görkezýär.
Milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän, halkymyzy döwletlilik ýörelgesi bilen ösüşlere sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edýäris.
Tawus Gylyjowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
15.06.2024 ý