Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheri bagtyň şäheri hökmünde köňüllere bagtyýarlyk bagyşlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ýere yzygiderli amala aşyrýan iş saparlarynyň dowamynda ajaýyp şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň nyşanydyr.
Milli Liderimiz şu ýylyň 8-nji iýunynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndüriljek lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri bilen ýakyndan tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň we beýlekileriň öndürilýändigi barada habar berildi.
Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän lukmançylyk klasteri örän uly ähmiýete eýe bolup, bu iri önümçilik desgasynyň çig mal binýadynyň hem ýurdumyzyň çäginden üpjün ediljekdigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Döwrebap şäherde döwlet ähmiýetli şeýle iri lukmançylyk klasteriniň gurulmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsine öwrüler. Ynsan saglygynyň döwletiň gymmatly hazynasyna deňelýän ýurdunda şeýle beýik işleriň amala aşyrylýandygy üçin ähli halkymyzyň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir.
Nurmyrat Şamyradow, TDP-niň Görogly etrap komitetiniň başlygy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
20.06.2024 ý