Medeniýet halkyň kalbydyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler giň gerime eýe bolýar. Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewiligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Medeniýet hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy sütünleriniň biri hasaplanylýar. Ösen döwletden, jemgyýetden üzňe göz öňüne getirip bolmaýan bu sütüniň kökleri taryhyň alys çuňluklaryndan gözbaş alýar. Çünki, biziň Watanymyz müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan gadymy medeniýetiň, ylmyň, bilimiň ojagy hasaplanylýar. Oňa bütin dünýä nusgalyk maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz şaýatlyk edýär.
Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere, baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir.
“Berkarar döwlet istärin” diýip, halkyň parahat durmuşyny, döwletiň berkararlygyny arzuwlan akyldar şahyryň döwletlilik hakyndaky arzuw-islegleri Gahryman Arkadagymyzyň ulus-ilimize serpaý beren döwletli döwranynda hasyl boldy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly senesiniň uludan bellenilmegi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasyndan nyşandyr.
Bu goşa toýy öz içine alýan, indi asylly däbe öwrülip, geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilmegi has-da buýsandyryjydyr. Toýlaryň toýlara ulaşýan günlerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi, bu waka bagyşlanylan ajaýyp dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen çykyş edip, medeniýet we sungat işgärlerini şanly waka bilen gutlamagy dabara gatnaşyjylary has-da begendirdi, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Bu bolsa ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň ýene-de bir subutnamasydyr.
Berkarar döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünliklere medeniýet we sungat işgärleri mynasyp goşant goşýarlar. Bedew bady bilen beýik ösüşlere tarap okgunly öňe barýan ajaýyp zamanamyzyň belent ruhuny çeper wasp etmek, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarlar.
Türkmen medeniýetiniň dünýä ýaýylmagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzy, häzirki döwürde köp öwüşginli milli miraslarymyzy töwerekleýin öwrenmek, täzeden dikeltmek we Ýer ýüzüne wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar watandaşlarymyzy, hususan-da, medeniýet we sungat işgärlerini goşa toý, goşa baýram — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gyzgyn gutlaýarys! Goý, ýurdumyzy gülledip ösdürýän, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny ýokary göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Kakageldi Gurbanow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
27.06.2024 ý