Döredijiligiň we ruhubelentligiň baýramy

Bagtyýar türkmen ili 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabaralara besläp belläp geçdi. Ýurdumyzyň abadanlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ruhubelentliginiň we döredijiligiň baýramy hökmünde giňden dabaralandyrylan şanly sene gadymy Ahal ýaýlasynda hem baý dabaralara utgaşdy.

Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde — akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen dabara göwün göteriji duýgulara beslendi. Welaýat häkimligi, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan dabara edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar hem-de medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdy.

Dabaradaky gutlag çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly, medeniýetde hem uly özgerişlikleriň bolup geçýändigi, türkmen aýdym-saz, amaly-haşam sungatynyň bütin dünýä ýaň salýandygy hakda söz açylyp, beýik, tutumlaryň sakasynda duran milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan ajaýyp sene mynasybetli taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar toý lybasyndaky baýramçylyk meýdançasyna ruhubelentlik çaýdy. Gözel Diýarymyz, beýik döwrümiz, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwletli tutumlar, taryhy ösüş-özgertmeler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten belent derejesi aýdym-saz, tans-folklor toparlarynyň çykyşlarynda joşgunly waspyny tapdy. Milli öwüşginli sergiler we gyzykly tomaşalar bolsa, toýçy märekäniň ünsüni çekip, ýakymly täsirleri peşgeş berdi.

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki toý meýdançasynda bolan dabara baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary beýik döwrümiziň beýanyna öwrüldi.

Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

03.07.2024 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -