Tomus paslynyň şu ajaýyp günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyşda bolýan mekdep okuwçylarynyň ençemesi wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Olaryň saglyklaryny berkidip, täze okuw ýylyna uly güýç bilen başlamaklary üçin döredilýän şertler çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri bu ýerde ýygy-ýygydan bolup, çagalaryň gowy dynç almagyna, peýdaly işler bilen meşgullanmagyna ýakyndan ýardam berýärler.
Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň işjeň agzalary paýtagtymyzyň medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň wekilleri bilen bu merkezde bolup, milli oýunlarymyz boýunça dürli bäsleşikleri geçirdiler. Çagalaryň dürli kitaplary okamagy guralyp, gürrüň bermek ukyby boýunça, gyzjagazlaryň arasynda el işlerini etmekde, alaja işmekde, örmekde başarnyklaryny synap görmek, surat çekmek bäsleşigi guraldy. Bäsleşigiň dowamynda küşt, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, matanyň ýüzüne milli nagyşlarymyzy salmak, örmek, işmek, okan eserini gürrüň bermek boýunça çagalar özara bäsleşdiler. Has başarjaň, ukyply çagalar öňe saýlanyp, olar ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
Aýna Işanowa, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary
“Watan” gazeti
13.07.2024 ý