Gadymy zamanlardan bäri, Gündogar we Günbatar ýurtlarynyň arasyndaky söwda maksatly kerwen ýollarynyň iň esasy orny düýelere degişli bolupdyr. Çünki olar özleriniň çydamlylygy bilen aňyrsy görünmeýän uç-gyraksyz ymgyr çölleri aşyp, uzak ýollary geçmäge ukyplylygy bilen tapawutlanypdyr. Olar sähralykda azaşmaýarlar, suwsuz heläk bolmaýarlar. Düýeler uzak ýurtlaryň arasynda diňe söwdanyň däl, eýsem, ylmyň, bilimiň, sungatyň, diniň, senetçiligiň ýaýramagynda we ösmeginde örän uly orna mynasyp bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoluny düýesiz göz öňüne getirip hem bolmandyr, olar ýöne ýere «çöl gämisi» diýlip atlandyrylmandyr. Düýeler suwsuz iki hepde, iýmitsiz bir aýa golaý oňup bilýän jandardyr. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, düýeler köp wagtyň dowamynda suw içmeseler hem olaryň gany goýalmaýar. Düýeler iýmitlenmekde hem ýandak, sazak we gyrymsy agaçlaryň pürleri ýaly gurakçylyga çydamly ösümlik bilen oňup bilýärler.
Türkmen halkynyň milli mirasy bolan halk döredijiliginde, folklorda, ertekilerde, rowaýatlarda, nakyllarda düýelere degişli birnäçe aýtgylar bar. Olaryň mazmunynyň dürli-dürlüligine garamazdan, düýeler pähimli, asylly, adalatly, çydamly, namysjaň, baýlyk we rysgal getirýän jandar hökmünde suratlandyrylýar. Mysal üçin, «Akpamyk» atly ertekide ak maýanyň süýdüniň keramaty beýan edilýär.
Düýäniň süýdi adamlaryň saglygy üçin örän peýdaly we ýakymly bolup, ondan taýýarlanylýan çalyň we agaranyň birnäçe keselleriň öňüni alýan, bahasyna ýetip bolmajak peýdasy bardyr. Düýäniň süýdi aşgazan we içege kesellerini, inçekeseli, sary getirmäni bejermekde, şeýle-de witamin ýetmezçiliginiň öňüni almakda peýdalydyr. Tomus günleri çal we agaran ilatyň gündelik iýmitleriniň biri hökmünde suwsuzlygy gandyrmakdan başga-da, adam bedeniniň duz ýetmezçiligini kadalaşdyrýar.
Türkmenlerde gadym zamanlardan bäri düýäniň ýüňünden her hili önümler taýýarlanypdyr. Adamyň saglygyna haýrynyň köpdügi göz öňünde tutulyp, ýüňi sagat düýelerden gyrkyp ulanypdyrlar. Onuň endamynyň ýüňi birmeňzeş däldir. Üstki örtük irimçik bolup, onuň düýbünde ýumşak, sütük görnüşli ýüň bolýar. Şol ýumşak ýüňi egrip, geýim, guşak dokamak üçin ulanypdyrlar. Ata-babalarymyz düýe ýüňüni birnäçe keselleri bejermekde-de ulanypdyrlar. Mysal üçin bil, dyz agyrylaryny bejermek üçin düýe ýüňünden ýörite dokalan ýa-da örülen guşaklary ulanypdyrlar. Zenanlar üçin ýörite guşaklar dokalypdyr. Olaryň ini 25 — 30 santimetre, uzynlygy bolsa 3-4 metre barabar bolupdyr. Guşagyň metr çemesi gyrasyny nagyşlapdyrlar we ony bile aýlanlarynda nagyşly tarapy üstüne düşürilipdir. Ýörite işilip, dakylan ýüp bolsa, guşak bilde berk durar ýaly, üstünden saralypdyr. Bu guşaklary, aýratyn hem, ýaňy çagasy bolan gelinlere 40 günläp dakynmak maslahat berlipdir. Alymlar düýe ýüňüniň bejeriş ukybyny, beýleki ýüňlerden tapawutlylykda, howa geçirijiligi, gury ýylylygy saklamak we onuň adamyň endamyny gyjyndyrýandygy üçin gan aýlanyşyny kadalaşdyrýandygy bilen, sowuklama, bilagyry, guragyry keselleriniň hem-de çişleriň öňüni almaga ýardam edýändigini düşündirýärler.
Düýe ýüňünden ýorgan gaplanýar, emma ol düşege salynmaýar, şeýle-de diňe saçak ýa-da üstki geýimler tikilýär. Düýe ýüňünden dokalan saçak her bir türkmen maşgalasynda bolup, ol öýe rysgal, bagt getirýär, gözden-dilden we her hilli kesellerden goraýar diýlip ulanylýar. Saçak dokamak üçin dokma ýüwürdilende, goýnuň ýüňünden hem zolaklar goşulýar we alaja salynýar. Düýäniň we goýnuň ýüňünden alaja işilip, gözden-dilden, kesellerden gorag hökmünde çagalaryň ellerine ýa-da eşiklerine dakylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda düýedarçylyk barha ösdürilýär. Türkmen halky «Düýe malym — dünýe malym» diýip, bu jandara goýýan belent sarpasyny tüýs ýürekden beýan edýär.
Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
18.07.2024 ý