Gazanylýan ösüşler: Ahal welaýaty

Häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge niýetlenen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hereket edýär. Bu Maksatnamalar sebitleri mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

«Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Maksatnamanyň» çäklerinde welaýatda birnäçe kärhanalar gurlup, işe girizildi. Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynyň çäginde «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup, ulanylmaga berlen 5 müň tonna türkmen pagtasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen iri dokma toplumlary, Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagyndaky halkyň gündelik sarp edýän hojalyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanalar häzirki wagtda ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini hem barha artdyrýar.

Welaýatyň azyk senagaty hem giň gerimli ösüşlere eýe bolýar. Azyk harytlarynyň görnüşlerini we öndürilýän möçberlerini giňeltmek üçin daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça welaýatda oba hojalyk we köp görnüşli azyk önümlerini öndürýän, şeýle hem guş etini gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy. Ilatymyzy ýylyň dört paslynda hem ter gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, iri ýyladyşhanalaryň birnäçesi gurlup, olar bazarlarymyzda gök önüm bolçulygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» sement zawodynyň öndürýän ýokary hilli semendi ýurdumyzyň gurluşykçylaryny sement bilen üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Bu zawodyň ýylda bir million tonna sement öndürmäge ukyply bolan 2-nji tapgyry «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Şol gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 30 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desgasy hem hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen işe girizildi.

Welaýatyň etraplarynyň ählisinde umumy bilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, kitaphanalaryň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň we medeniýet öýleriniň onlarçasy gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Ahal welaýatynda döwrebap täze obalaryň gurluşygynda hem ýokary netijeler gazanylýar. Häzirki wagtda şeýle döwrebap obalaryň, ýagny Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çägindäki täze döwrebap obalaryň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlary güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda 2024-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanda halkara derejesinde bellenilip geçiljek şanly wakalar beýan edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar. Ine, şol taryhy tapyndylar Änewiň şol döwürlerde ýokary derejede ösen ýaşaýyş merkezleriniň biridigini tassyklady» diýip belleýär.

Ak bugdaýyň Watany hasaplanylýan bu mekanda häzirki wagtda hem gallanyň köp öndürilýändigi, etrabyň babadaýhanlarynyň diňe gallanyň däl, eýsem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň, hatda ekzotik görnüşleriniň hem bol hasylyny öndürmegi başarýandyklary buýsandyryjydyr. Şu ýyl welaýatyň gallaçy daýhanlary Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyryp, arzyly sepgide abraý bilen ýetdiler.

Ak bugdaý etrap häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny Göge ýetirdi. Şeýle uly baýraga mynasyp bolunmagy, diňe Ak bugdaý etrabynyň däl, eýsem welaýatymyzyň ähli etraplarynyň babadaýhanlaryny mundan beýläk hem täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrdy.

Halkymyzda: «Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Daýhandan hereket – ýerden bereket» diýlen ajaýyp aýtgylar bar. Şular ýaly dana sözlere uýýan zähmetsöýer halkymyz döwletimiz tarapyndan özleri üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklere jogap edip, arman-ýadaman zähmet çekýär, päk zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Dillerinde bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyşlar aýdym bolup ýaňlanýar.

Goý, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly urýan gadamy batly bolsun! Bagtyýar durmuşymyzyň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Resul IŞANGULYÝEW, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

"Watan" gazeti

30.07.2024 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -