Bagtyýar geljegimize badalga

Baş baýramymyz bolan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna ynamly barýan şu günlerimiziň her biri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda buýsançly ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň 12-nji iýulynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarymynyň jemlerine garalyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem ýurdumyzy ähli ulgamlarda dünýä nusgalyk derejede ösdürmek, zähmetsöýer we agzybir halkymyzyň abadan, bolelin we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek babatda taryhy waka öwrüldi. Taryhy mejlisde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şonuň ýaly-da, medeni-durmuş ulgamlaryny ösdürmegiň belent wezipeleri anyk kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köpsanly möhüm halkara we milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu möhüm mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Häzirki günlerde biziň welaýat, etrap we şäher komitetlerimiz, ýerlerdäki ilkinji guramalarymyz we olaryň işjeň agzalary bu möhüm foruma taýýarlyk görmek, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek, taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek işlerini ýörite taýýarlanan meýilnamalar esasynda alyp barýarlar. Olar öz işlerinde ilata Halk Maslahatynyň, ilkinji nobatda, halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edaradygyny, öz işine halkyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýändigini, il-ýurt bähbitli çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakda, kabul etmekde bu edara uly ornuň degişlidigini giňden düşündirýärler. Halk Maslahaty, esasan, Konstitusiýany we Konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere, şeýle hem içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryna, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garaýar hem-de makullaýar. Bu edaranyň işiniň ýörelgeleri demokratiýa, aýanlyga, adalatlylyga, kanunyň hökmürowanlygyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adamyň kanunyň öňündäki deňligine, jemgyýetçilik pikirini nazara almaga esaslanýar. Biz bu beýik maksatlary raýatlarymyzyň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat etmäge dahyllydygymyza buýsanýarys. Wagyz-nesihat we düşündiriş işlerimizi beýleki syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik guramalary, esasan hem, Halk Maslahatynyň welaýat, ertap, şäher agzalary bilen bilelikde alyp barmagymyz işlerimiziň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, Bitrap döwletimiziň ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesidir. Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, bu ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetdäki orny has-da ýokarlandy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen mejlisinden bäri, tutuş ýurtda bolşy ýaly, biziň günbatar sebitimizde hem uly işler durmuşa geçirildi. Halkara Zenanlar gününiň giňden bellenilýän günlerinde welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimizden ajaýyp sowgady — her biri 40 hojalyga niýetlenilip gurlan dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap täze ýaşaýyş jaýynyň ikisini kabul etdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň jenneti künjegi bolan, Sumbar we Çendir jülgelerini jähekläp oturan Magtymguly etrabynyň merkezinde täze gurlan «Arkadagly nesiller» atly çagalar medeni dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi, şeýle hem, Çagalary goramagyň Halkara gününiň öň ýanynda etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän belli «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.

Şu ýylyň bugdaý oragy döwründe hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze häzirki zaman awtobuslarynyň 200-e golaýyny sowgat bermegi taryhy pursat boldy. Balkanly gallaçylar tutuş ýurtda ilkinji bolup azyklyk bugdaý hasylyny taýýarlamak baradaky tabşyryklaryny amal etmegi başardylar. Tomus paslynyň ilkinji aýynyň başynda «Daşoguz — Balkan» ugry boýunça ýokary woltly täze howa elektrik geçirijisi dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu taryhy pursatlaryň her biri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hözirini görýän balkanly ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi.

Halk bilen döwlet bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy Watanymyzyň gülläp ösmegini, eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň artmagyny, türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny şertlendirýär. Bu kämillik ýolunyň aýdyň maksatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde duran mejlisinde öz aýdyň beýanyny tapjakdygyna hem pugta ynanýarys.

Garaşsyz ýurdumyz Ýer ýüzüniň döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň berkarar bolmagyna saldamly goşandyny goşýar. Biz şeýle beýik ynsanperwer maksatly döwletiň raýatlarydygymyza buýsanýarys. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, onuň ilkinji guramalary we olaryň işjeň agzalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek taryhy kararlardyr çözgütleri, belent wezipeleri halk köpçüligine giňden wagyz etmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman öz işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk alyp bararlar.

Ata Watanymyzy, merdana il-ulusymyzy nurana ertirlerimize ynamly alyp barýan halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

"Watan" gazeti

06.08.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -