Oňyn çözgütler kabul ediler

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň birinji ýarymynyň jemleri Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň durnukly ösüşiniň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde üstümizdäki ýylyň alty aýynda gazanylan görkezijilere seljerme berdi. Giňişleýin mejlisde öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň bellenilýän günlerinde ak şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekip, bu umumymilli foruma häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň karary kabul edilip, bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde guramaçylykly geçirmek karar edildi. Şeýlelikde, bu umumymilli forumy ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen taýýarlyk işlerine badalga berildi.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzda döwletliligi, hukugy kämilleşdirmekde, raýat jemgyýetini ösdürmekde, döwlet we adam gatnaşyklarynyň kämil sazlaşygyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler konstitusion ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Jemgyýetimizde halk häkimiýetini kämilleşdirmekde dana ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratik ýol-ýörelgelerimizden ugur alynýar. Şeýlelikde, halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewiligi we sazlaşmagy Watanymyzyň durnukly ösüşini, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanmagyny we halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny şertlendirýär.

Şan-şöhrata beslenýän ýylymyzyň taryhy wakasyna taýýarlyk işleri biziň etrabymyzda-da barha işjeň häsiýete eýe bolýar.

Çary Öwezow, TDP-niň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

08.08.2024 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Sakarçäge etrap komiteti