Ösüşlere beslenýän ajaýyp eýýam

«Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, biz Türkmenistany ynamly öňe alyp barýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ajaýyp zamanamyzda uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň güwäsi bolup dabaralanýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 33 ýyl dolýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Watanymyzda ýetilýän belent sepgitler hem täze eýýamymyzyň taryha altyn harplar bilen ýazylmagyny üpjün edýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda düýpli maýa goýumlaryň üstünlikli özleşdirilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini öňküdenem gowulandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýylyň geçen döwründe Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň meýilnama esasynda ýokary depginlerde alnyp barylmagy, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagy, pudaklara sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä ýüzünde giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda ýene-de bir şanly waka bolup geçer. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň jebisliginiň, ilimiziň agzybirliginiň, milli demokratiýamyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsi bolup dabaralanar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleriniň öz çözgüdini tapjak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Watanymyzda gazanylýan uly ösüşlere bagtyýar raýatlarymyzyň buýsançlarynyň çäksizdigini, olaryň ýaşamak, okamak, işlemek, gurmak, döretmek babatda üpjün edip berýän dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize alkyşlarynyň egsilmezdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezer.

Nurbibi Dädebaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri

"Balkan" welaýat gazeti

08.08.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Balkanabat şäher komiteti