Anyk maksatlardan ugur alyp
Ýurdumyzda giň maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, ilatyň abadançylygyny berkitmek, döwletimiziň kuwwatlanmagyny gazanmak we bu ugurda anyk teklipleri işläp taýýarlamak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Halkyň bähbitlerini goramakda bu ýokary wekilçilikli edarada döredilen gününden bäri ulus-ilimiziň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynda öňde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesi seljerilip, degişli işlere badalga berildi. Bu hakykata şu ýylyň fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň mysalynda hem anyk göz ýetirmek mümkin. Maksatnamada we ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Olara laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen birlikde ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak meseleleri boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilmegine ähmiýet berilýär. Aýratyn bellenilmeli ýagdaýlaryň ýene-de biri bu ugurdaky anyk wezipeleri durmuşa geçirmekde halk köpçüliginiň wekilleriniň teklipleriniň diňlenilmegidir.
Şanly Garaşsyzlyk toýumyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek maksady bilen, şu günler Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda raýatlar toparlary bilen duşuşyklary geçirýäris. Olarda ýurdumyzda halk bähbitli işleriň, kabul edilýän resminamalaryň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek bilen birlikde raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenýäris. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ilatyň arasynda bolup, bu işleri yzygiderli dowam etdireris.
Hudaýberdi Döwletow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti
08.08.2024 ý