Halkyň bähbidini nazarlap

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda täze taryhy döwürde parahatçylyk, abadançylyk, jebislik, agzybirlik hem-de halk demokratiýasy rowaçlanýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine barýan şu günlerimiz aýdyňlygy bilen görkezýär.

Merdana halkymyz müňýyllyklara uzaýan taryhy ösüş ýolunda ýurduň we il-günüň ykbalyna täsirini ýetirýän möhüm meseleleri halk köpçüligi, bütin il-ulus bolup maslahatlaşyp, agzybirlik we jebislik bilen çözmek ýaly ajaýyp demokratik ýörelgeleri döredipdir. Muňa parasatly pederlerimiziň: «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Iliň güýji — siliň güýji», «Il bilen gelen toýda-baýram», «Halk aýtsa, galp aýtmaz», «Arkalaşyk ikibaşdan, biri daşdan, biri içden», «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» ýaly ajaýyp pähimleri hem güwä geçýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy halk ýörelgelerimizi, milli demokratiýamyzy, jebisligimizi we agzybirligimizi häzirki zaman şertlerinde döredijilikli kämilleşdirmek ugrundaky tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler halkymyzyň kalbyny ganatlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly öňegidişlikler gazanylýar. Asylly däbe görä, şanly baýramyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi halkymyzy jebisleşdirmekde we döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen çözgütleri kabul etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmek, hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek, döwlet bilen raýatlaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek häzirki zaman türkmen jemgyýetini galkyndyrmakda wajyp wezipeleriň hataryna girýär. Esasy Kanunymyza laýyklykda, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen bilelikde ýerlerde döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hereket edýär. Olar bu ugurda jemgyýetçilik guramalardyr syýasy partiýalar bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli guralýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýeti, döwletimiziň barha artýan halkara abraýy barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle hem milli maksatnamalaryň, giň gerimli özgertmeleriň, kabul edilen täze kanunlaryň mazmuny we ähmiýeti açylyp görkezilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki taryhy mejlisine görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmak ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň hem möhüm wezipelerine degişlidir. Şundan ugur alyp, biz hem bu asylly ählihalk çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanylmagyna we geçirilmegine mynasyp goşandymyzy goşmak ugrunda mundan buýana-da tagallalarymyzy gaýgyrmarys. Ählihalk forumyna ýurdumyzyň welaýatlaryndan, etrap-şäherlerinden wekiller, dürli ýaşdaky we kesp-kärdäki adamlar gatnaşar. Onda döwletimiziň ösüşli ýollary, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde göz öňünde tutulýan belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlaryň diňlenmegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugurlaryna içgin göz ýetirilmegi, ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda görnükli orun alýan tutumly işler bilen ýakyndan tanşylmagy geljekki ösüşlerimiziň binýadyny berkider.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygardan ugur alnyp, halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüliginiň üpjün edilmegi Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny şertlendirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul ediljek döwletli çözgütler halkymyzyň ýagty geljegine şugla saçar.

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

10.08.2024 ý

 

TDP-niň Aşgabat şäher komiteti -