Ýürek seni küýsedi (deňiz kenaryndaky oýlanma)

Tomsuň jokrama yssy günleri deňziň kenarynda dynç almakdan uly lezzet ýok bolsa gerek. Günüň tyllaýy tygy deňziň suwuna düşende özboluşly sazlaşygyň emele gelşi, ak bulutlar süýşüp barýarka çarlaklaryň asmanda ganat kakyp, soňra bolsa deňze çümüp-çykyp, özboluşly oýun oýnamasy, asuda tolkun gaýtaryp ýatan deňziň gol bulap gujagyna çagyryşy göwnüňi göterip, çagalyk döwrüňi ýadyňa salýar.

Deňziň kenary oýlanmak, oýuňa gelen pikir ýordumlaryňy ak kagyza ýazmak üçin iň oňaýly ýer bolýar. Bu ýerde ylham guşuň al-asmana göterilýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlik göwnüňe aram berse, durnanyň gözi ýaly dury suwuň näzijek sesi guşlaryň hoş owazyna sazlaşýar. Deňziň kenarynda otursam nämüçindir özümi asmanda ýaly duýýaryn. Ýokary gök asman, dabanyň düýbünde bolsa gök deňiz. Iki sany ajaýyp sazlaşygyň arasynda göwnüň çarlaklara öwrülip, pelesaň kakyp ýörendir. Tutuşlygyňa suwuň arasynda ýalysyň. Deňziň kenaryndaky howany diýsene, ondan säher bilen dartyp alýan demiň ýüregiňi rahatlandyryp, şähdiňi açýar. Bu gözellikleri säher bilen synlamagyň aýratyn lezzetiniň bolşy ýaly, agşamara synlamak hem täsin duýga gaplaýar. Deňiz kenaryna gelseň, eşretli ýaşaýyş özüniň bardygyny güjeňleýän ýaly bolýar. Şol wagt bu giňişligi, suwy, asmany, guşlary, çägäni — hut şu gözellikleri küýsäp, kalbyň nähili teşnelik çekendigini duýup galýarsyň. Şol pursat ýyldyrym tizliginde deňiňden geçip barýan ömür hem seniň gözellige aşyk gözleriňe imrinip, halyňa dözmän az salymlyk togtan ýaly bolýar. Ýaşadygyňça ýaşasyň gelýär, demiňe dartyp alýan howaň derdiňe derman bolýar. Deňziň keýpiçag balyklarynyň ýokaryk böküp, täzeden suwa çümüp edýän oýun-bazlaryna gözüň düşende dagy tutuş dünýäni unudanyňy duýman galýarsyň. Ownukly-irili balyklaryň topar tutup, ýüzüp ýörenine gözüň düşende bolsa durnanyň gözi ýaly dury suwuň görküne maýylsyň.

Hawa, deňiz gözelligine diňe ynsan aşyk däl. Bu ajaýyp görnüşe ganat kakyp barýan durnalaram, ak çarlaklaram, ördek-gazlaram aşyk. Gözellik her bir jandary özüne kökerip bilýär. Bu adaty zat. Ýöne ynsan beýleki jandarlardan aýratynlykda her bir närsede ömre, durmuşa meňzeşligi görmegi başarýar. Mysal üçin, deňiz suwy akyp barýan ömri ýatlatsa, asman melekleri ynsanyň hyýalyna meňzeýär. Ýanyp duran ot yşk ýaly alawlasa, ene Ýeri ýassanan wagtymyz aran kalbymyz aram tapýar. Öwsüp barýan şemal deňimizden geçip gidýän kynçylyklara çalym etse, daglar ynsanyň mizemejek ynamy ýaly Ýeriň myhy bolup otyr. Saýaly baglar bolsa halal zähmetimiz mysaly hemişe bize saýa salyp, goraýar.

Hanha, eýýäm Günem eňegini ýere diredi. Çog ýaly gyzaran Günüň deňiz suwuna çümüp barmagy ömrümiziň ýene bir gününiň biz bilen hoşlaşýandygyndan habar berýär. Şular ýaly ýüzlerçe oý-pikirlere gark edýän deňiz kenarynda ömrüň gymmaty has-da artýar. Şol pursat ömrümiziň geçen ýyllaryny unudyp, hiç haçan gojalmaýan ýürek atly hökmürowanyň emrine boýun egesiň gelýär. Deňiz bolsa şol wagt ähli zady düşündirip, okuwçylarynyň aňyna ýetiren mugallym mysaly asuda görnüşe girýär.

Wepageldi GYŞYKOW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň başlygy

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

14.08.2024 ý

 

TDP-niň Aşgabat şäher komiteti - TDP-niň Büzmeýin etrap komiteti