Älem içre sarpaly şahyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bagtyýar hem-de agzybir halkymyzyň durmuşynyň ajaýyp döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, bu günki gün türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna —

diýip belleýşi ýaly, dana şahyryň şanly toýunyň dabarasy dünýä dolýar. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň bina edilmegi sözüň gudratyna dikilen heýkeldir. Uzaklardan seleňläp görünýän bu ajaýyp heýkel Magtymguly atamyzyň asman-zemin içre iň beýik ýadygärligidir. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 17-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy, şeýle hem bu ýerde daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň hem heýkelleriniň oturdylmagy edebiýata, söz sungatyna goýulýan belent hormatdan nyşandyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda berkarar döwletimizde ýaşlara bildirilýän belent ynam hakynda buýsançly söhbet açylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitabynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy hakynda aýdanlary ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz bu kitapda: «Magtymguly — bu mizemeýän Watan söýgüsi, halk ykbalynyň aladasy, belent häsiýetleriň gaýmagydyr. Magtymguly — taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr» diýip belläp geçýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegi her birimiziň kalbymyzda çäksiz buýsanjy oýardy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi şanly ýylymyzyň dabarasyny arşa galdyrdy. Bu medal bilen ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sylaglanylmagy aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.

Magtymguly atamyzyň «Türkmeniň» atly goşgusynda:

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy.
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň —

diýip belleýşi ýaly, Hak nazary düşen ata Watanymyzda döwletli, tutumly işler barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary her bir işde baş ýol-ýörelgämize öwrüldi.

Ejebaý Akmädowa, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

15.08.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti -