Mekdep bazarlary barha gyzyşýar

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň hyzmaty ýola goýuldy. Mekdep bazarlary okuwçylar üçin ýokary hilli, elýeter bahalardan dürli okuw esbaplary, mekdep lybaslary bilen üpjün edilipdir. Bazarlara çagalarynyň elinden tutup, okuw ýyly üçin gerekli esbaplarydyr egin-eşikleri almaga barýan ene-atalaryň sany barha köpelýär.

Toý-baýramlary şatlyk-şowhun bilen garşy alýan ildeşlerimiz üçin täze okuw ýylynyň başlanmagy özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramçylyga ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan bazarlarda täze okuw ýylyna taýýarlykly barmak üçin ähli şertler döredilipdir. Harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri bilen bir hatarda hususy önüm öndürijileriň öndürýän önümlerine, daşary ýurtlardan getirilen önümlere giňden orun berilipdir. Ýörite mekdep bazarlaryny, göçme söwda nokatlaryny paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda, ýerlerdäki bazarlarda görmek bolýar.

Galamlardyr depderlerden başlap, okuwçy oglanlaryň penjek-balaklaryna, gyzlaryň köýneklik matalaryna ýa-da taýýar köýneklerine çenli elýeter bahalardan hödürlenilýär. Dokma önümleriniň aglaba böleginiň ýurdumyzda öndürilendigini aýtmak has-da guwandyryjydyr. Diňe bir dokma önümlerinde däl, okuw esbaplarynyň arasynda hem ýurdumyzda öndürilýänleri sanardan kän. Olary öndürijiler bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary önümleriň ýokary hilli hem-de elýeter nyrhdan bolmagyna aýratyn üns beripdirler. Mekdep bazarlary 5-nji sentýabra çenli, her gün irden işe başlap, giç agşama çenli arakesmesiz işleýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalar baradaky edýän aladalarynyň netijesidir.

Şirin Mirmedowa, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

17.08.2024 ý

 

TDP-niň Aşgabat şäher komiteti - TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komiteti