Döwletli ýollar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize eýerilip, her bir halk bähbitli iş Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty agzybirligi, işe geňeşli başlamak däplerini aýdyň görkezýän iň ýokary wekilçilikli edaradyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky arabaglanyşygyň berk binýady bolup durýar. Bu umumymilli forumyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulular we ýaşlar döwletimiziň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuňňur düşünýärler.

Halk Maslahatynyň mejlisine dürli kärde, dürli wezipede zähmet çekýän, dürli ýaşdaky adamlar gatnaşýarlar we öz pikirlerini açyk-aýdyň beýan edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk döwlet taglymaty halk bilen döwletiň bitewüliginiň häzirki zaman ösüşiniň nukdaýnazary bolup durýar. Bu bolsa halk bilen döwletiň agzybirligidir. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň halkyna bolan beýik sarpasydyr we ýaşuly nesle goýýan bimöçber uly hormatydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Şu günler halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky Karar bilen bagly wagyz-nesihat, düşündiriş işleri, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler barha işjeň ýagdaýa eýe bolýar.

Toý-baýramlara beslenýän Garaşsyz döwletimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri ýerlerde gyzgalaňly dowam edýär. Bu umumymilli forum halk bähbitli, ýurt ähmiýetli döwletli çözgütleri kabul eder, ýurdumyzyň täzeden-täze ösüşlerine badalga berer.

Ula hormat goýulýan, kiçiniň sylanylýan döwletinde ýaşamak, işlemek uly bagtdyr. Bagtdan paýly her bir raýatyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyşlary bimöçberdir. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, nesillerimiziň röwşen geljegi üçin tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, mertebeleri belent, döwletli işleri dowamat-dowam bolsun!

Nurjahan Hojaýewa, TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

20.08.2024 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Gökdepe etrap komiteti