Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Demokratik ýörelgelere eýerip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütleriň kabul edilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem halkyň bähbidine gönükdirilýär. Ýokary wekilçilikli edaranyň mejlisini her ýyl döwletimiziň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýunyň toýlanýan günlerinde geçirmek halkymyzyň asylly däbine öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanýar. Onuň mejlislerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine garalýar.
Berkarar Watanymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna barha ýakynlaşdyrýan şu günleriň her biri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda buýsançly ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň geçen ýarym ýyllygynyň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe süren garaýyşlary, kabul eden Kararlary netijesinde milli ykdysadyýetimiz täze belentliklere göterilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanar. Çünki ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge giň ýol açýar. Taryhy nukdaýnazardan seredeniňde, juda gysga döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, medeni-durmuş ulgamlarynyň durnukly ösüşi, özümizde öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy gazanyldy. Ýurdumyzda bar bolan tebigy baýlyklarymyzy hem-de ykdysadyýet babatda öňdebaryjy dünýä tejribelerini oýlanyşykly we netijeli ulanyp, eziz Diýarymyz bu gün bedew batly ösüşlere beslenýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewiligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar. Bu ýokary wekilçilikli edara döredilen gününden bäri, özüniň netijeli işi bilen halkymyzyň belent ynam-ykraryny gazandy. Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, onuň jemgyýetdäki orny has-da ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiziň bellän belent maksatlaryna ýetmek ugrunda jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň işiniň möhüm ähmiýete eýedigini geçen wagt hem ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda hemişe nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir. Munuň özi durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy, abadan we bagtyýar durmuşymyzy hem-de döredijilikli zähmeti goramakda döwletlilik ýörelgeleriniň esasynda buýsançly netijeleriň gazanylýandygyny aýan edýär. Bu oňyn netijeler Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň iň beýik gazananlaryndan gözbaş alyp gaýdýan, jemgyýetde her bir adamyň gujur-gaýratyny, aň-paýhas mümkinçiliklerini döredijilikli ugra gönükdirmegiň, adam mertebesine uly sarpa goýmagyň, zehiniň ösdürilmeginiň, hukuklaryň we borçlaryň berjaý edilmeginiň, durmuş goraglylygynyň üpjün edilmeginiň hasabyna gazanylýar. Halk bilen döwlet bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegini, eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň artmagyny, türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny şertlendirýär. Bu kämillik ýolunyň aýdyň maksatlarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde duran mejlisinde öz aýdyň beýanyny tapjakdygyna hem pugta ynanýarys.
Garaşsyz ýurdumyz Ýer ýüzüniň döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň berkarar bolmagyna saldamly goşandyny goşýar. Biz şeýle beýik ynsanperwer maksatly döwletiň raýatlarydygymyza, taryhy köklerini müňýyllyklaryň gözbaşyndan alyp gaýdýan eziz Diýarymyzyň parasatly Baştutanyna — Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanýarys. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komiteti, onuň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek taryhy kararlardyr çözgütleri, belent wezipeleri halk köpçüligine ýetirmekde, giňden wagyz etmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, öz işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk alyp bararlar.
Berkarar Watanymyzy, agzybir il-ulsumyzy röwşen geljegimize ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
20.08.2024 ý