Halk häkimiýetiniň kämil nusgasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarym ýyllygynyň jemini jemlän Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek baradaky tabşyrykdan ugur alyp, şu günler bu foruma taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň mejlisde eden taryhy çykyşy külli türkmen halkyny buýsandyrdy hem-de durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz esasynda hem-de täze döwrüň talabyna laýyklykda, 24-nji sentýabrda geçiriljek ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halk häkimiýetiniň kämil nusgasy bolup, taryha altyn harplar bilen ýazylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda ägirt uly ösüşler, öňegidişlikler gazanylýar. Halk häkimiýetliliginiň milli demokratiýanyň aýdyň ýüze çykmasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi jemgyýetimiziň jebisliginiň, döwlet berkararlygymyzyň barha berkeýändiginiň aýdyň mysalydyr. Demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ýörelgeleridir.

Berkarar döwletimiziň iri jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri hem-de işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmek maksady üçin ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. Esasan hem wagyz-nesihat maslahatlaryna, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere, zähmet adamlarynyň arasyndaky duşuşyklara aýratyn orun berilýär. Şeýle çärelerde Garaşsyzlyk ýyllarynyň beren ajaýyp miweleri dogrusynda, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň at-abraýyny Arşa galdyrmak ugrunda amala aşyrýan beýik işleri barada buýsançly gürrüňler edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garaljak meseleleriň ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine badalga bermekdäki ähmiýeti barada durlup geçilýär.

Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyny alkyşlara besläp, belent başlarynyň aman, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

20.08.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti