Döwletli işlere badalga

Şanly ýylymyzda toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun aljak buýsançly wakalar bilen utgaşar. Çünki şol baýramçylyk günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi diňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhynyň gatlaryny altyn harplar bilen bezemän, eýsem, watandaşlarymyzyň kalbyna aýratyn ýakym çaýjak wakalaryň biri bolar. Bu hakykata ählihalk forumynyň geçen mejlislerinde kabul edilen çözgütlerdir kararlara laýyklykda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, döwrüň öňe çykarýan meselelerini giň halk köpçüliginiň gatnaşmagynda, aç-açanlyk ýagdaýynda ara alyp maslahatlaşmaga, anyk çözgütleri kabul etmäge uly mümkinçilik döredýär. Şeýle hem pederlerimiziň asylly däp-dessurlaryna, jemgyýetimiziň milli demokratik ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň döwletimizi dolandyrmaga işjeň gatnaşmaklary gazanylýar. Bagtyýarlyk döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýän bu demokratik ýörelgeler öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň döreden beýik döwletleriniň taryhyna ser salanymyzda, döwlet dolandyryşynda maslahata, geňeşe aýratyn ornuň berlendigine göz ýetirýäris. Bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli gymmatlyklarymyzdan, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen geňeşip, möhüm syýasy, ykdysady meseleleri çözmek ýaly asylly däplerinden ugur alnyp, döwlet dolandyrylyşy döwre mahsus derejede kämilleşdirilýär.

Hawa, döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleleri halk bilen geňeşip, bilelikde çözmek asylly däbe öwrüldi. Bu däp bolsa merdana pederlerimiziň asyrlarboýy ýüreklerinde beslän agzybirlik, jebislik ýaly arzuwlaryny wysalyna gowşurdy. Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem: «Döwlet gonsa, goç ýigidiň başyna, hemaýatly ili gerek daşyna» diýip, belläp geçýär. Sebäbi halkyň agzybirligi, jebisligi ähli ösüşlerimiziň, rowaçlyklarymyzyň özenidir.

Halk Maslahatynyň mejlislerinde milli kanunçylygymyza laýyklykda kabul edilen kararlar, çözgütler ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen syýasatyny goldamak we halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek bolsa biziň her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly öňde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek boýunça welaýatymyzda alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalary hem agzybirlik bilen gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasatyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän kararlardyr çözgütleri düşündirmek, wagyz-nesihat etmek maksady bilen halk köpçüliginiň arasynda duşuşyklary geçirmekligi dowam etdireris.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek bu ählihalk forumynyň döwletli işlere badalga boljakdygyna uly ynam bildirýäris. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, raýatlarymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriň sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ösüş-özgerişlere beslenip, bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz mundan beýläk hem gülläp össün!

Halmurat Setdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

22.08.2024 ý

 

TDP-niň Lebap welaýat komiteti -