Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka hökmünde ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly ruhy galkynyşy döredýär. 24-nji sentýabrda geçiriljek umumymilli forum halkymyzyň ata-babalarymyzyň paýhasly ýörelgelerine ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolar.
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähime daýanýan asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi, wezipeleri we ygtyýarlyklary döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirildi. Şeýle umumymilli forumyň mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň toýlanylýan günlerinde geçirilmeginiň bolsa aýratyn ähmiýeti bardyr.
Ilatyň arasynda döwletimiziň durmuşynda wajyp orny eýeleýän bu mejlisiň ähmiýetini, Halk Maslahatynyň halk bilen häkimiýetiň bitewüligini, jemgyýetiň asudalygyny, jebisligini gorap saklamakda özboluşly mekdepdigini düşündirmek biziň — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol esasdan, şan-şöhrata beslenýän ýylymyzyň taryhy wakasyna öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri biziň etrabymyzda hem işjeň häsiýete eýe bolup, ýörite meýilnamalar esasynda wagyz-nesihat çäreleri alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynda uly rowaçlyklary arzuw edýäris.
Söhbetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
22.08.2024 ý