Milli demokratiýanyň kämil nusgasy

Ata Watanymyz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny kepillendirýär. Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär. Munuň özi Halk Maslahaty, Ýaşulular geňeşi ýaly demokratik düzümleriň döredilmeginde we olaryň il bähbitli işlerinde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgelerinde jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklary hukuk esasynda guralýar. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinendiklerine daýanýar. Şeýlelikde, Türkmenistan gurýar, döredýär, kämilleşýär. Gurujylyk, döredijilik döwletimiziň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär. Halkyň geçen nesilleriniň tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklar jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu asylly däplerde türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, olaryň özara täsiri we hyzmatdaşlyk hereketleri öz beýanyny tapýar.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek bilen, demokratik institutyň döwrebaplaşmagyny alamatlandyrýar. Esasy Kanunymyzyň 6-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar.

Şu ýylyň 20-nji iýulynda kabul edilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek baradaky başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz bu gün täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek mejlisi halk häkimiýetiniň milli nusgasynyň, halkyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda döwlet gurluşy we dolandyrylyşy babatda toplan tejribesiniň dabaralanmasyna we ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratiýanyň kämil nusgasyna öwrüler.

Didar Osmanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

29.08.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti