Naýbaşy orunda halkyň bähbidi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günler giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan bu işleriň gerimi ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ornuny açyp görkezýär.

Halk Maslahatynyň her bir mejlisi demokratiýamyzyň milli däpleriniň döwrebap röwüşde dowam etdirilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. Agzybir halkymyzyň bähbitlerini esasy orunda goýýan bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleriniň çuňňur mazmunynda döwletiň we raýatyň gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsiniň ýokary talaplaryna esaslanmak arkaly, milli kanunçylyk ulgamynyň çäklerinde örän oýlanyşykly, döredijilikli, sazlaşykly ýola goýlandygyna doly göz ýetirmek bolýar. Şunda halkymyza mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgelerimiziň bu babatdaky umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy guwandyryjydyr.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm wezipeler hem-de kabul ediljek ilhalar çözgütler ýurdumyzyň berkararlyk ýyllary içinde gazananlaryny pugtalandyrmakda, bagtyýar durmuşymyzyň binýadyny berkitmekde egsilmez güýje öwrüler. Şeýle-de durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze taryhy eýýamyň belent sepgitlerine ýetmekde mynasyp orny eýelär. Munuň özi Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny täze belentliklere göterip, milli demokratiýanyň hem-de halk bilen döwletiň bitewüliginiň, jebisliginiň gazanylýan ähli üstünliklerdäki mynasyp ornuny ýene bir ýola jümle-jahana ýaýar.

Tagandurdy Tagandurdyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

29.08.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Esenguly etrap komiteti