Her ýylyň 9-njy maýynda Watan ogullarynyň mukaddes ojaklaryna barylýar, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli bölümleri tarapyndan olara sowgatlar gowşurylýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde, ýagny Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde asyry arka atan, manyly ömri bilen nesillere görelde mekdebi bolup ýaşap ýören Köşek Soltanmyradow hem geçen asyryň külpetini başyndan geçiren gerçekleriň biridir. Has dogrusy, ol häzir welaýatymyzda Watan goragy ugrundaky hupbatly waka gatnaşan müňlerçe gerçeklerimizden galan ýalňyz ýadygärlikdir.
Mähriban Watan, bagtyýar durmuş üçin gaýduwsyzlyk görkezen Köşek Soltanmyradow 1943-nji ýylda 18 ýaşyny doldurandan arza berip, meýletin söweş meýdanyna ugraýar. Ol söweşiň kynçylyklaryna garamazdan, gözsüz batyrlyk bilen aňtawçylyk edip, köp sanly şäherleriň, obalaryň duşman zulumyndan aman galmagyna sebäp bolýar. Köşek aga ýeňiş gazanylandan soň hem birnäçe ýyllaryň dowamynda doganlyk ýurtlaryň we eziz Diýaryň obadyr şäherleriniň abatlaýyş, dikeldiş işlerine işjeň gatnaşýar. Ol hukuk goraýjy edaralaryň düzüminde hem uzak ýyllar zähmet çekýär. Alyp baran her bir işine jogapkärli çemeleşip, guramaçylyk ukyby, halal zähmeti bilen belent abraý-mertebä, hormata mynasyp bolýar.
Häzirki wagtda bäş ogluň, üç gyzyň mährine gurşalan Köşek aga 15 agtygyň, 28 çowlugyň, umuman, bagtyýar nesilleriň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanyň bagtyna guwanyp ýaşaýar. Köşek Soltanmyradow Watanyň berkararlyga, il-ulsuň bagtyýarlyga, eşretli durmuşa ýetenini görenligi üçin Biribardan müňde bir razydygyny nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, asudalyk, abadanlyk ugrundaky tagallalarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýär.
Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
06.05.2025 ý