Baýramçylyk şatlyk-şowhuna beslendi

Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Boldumsaz etrap komiteti ilkinji guramalarynyň işjeň zenan agzalarynyň, ýaşuly hem-de köpçagaly eneleriň, öý hojalykçy gelin-gyzlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklaryna TDP-niň işjeň agza zenanlarynyň goşandy» diýen at bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarany Boldumsaz etrap häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Boldumsaz etrap guramasynyň başlygy Laçyn Gurbanowa açyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitler, bu işlerde zenanlaryň mynasyp orny barada gürrüň berdi. Enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan zenan mertebesini belent tutmak ýaly asylly däpleriniň üstünde durup geçdi. Şeýle hem ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny goramak, maşgalany, eneligi we çagalygy goldamak babatda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Eneleri dünýäniň durkuna, gelin-gyzlary durmuşyň bezegine deňelýän ajaýyp Watanyň buýsançly zenanlary bilen geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşan zenanlar ýürek buýsançlaryny, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda gelin-gyzlarymyz Watanymyzy, eneleri wasp edýän şygyrlary labyzly okamakda, aýdymlary ýerine ýetirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinden parçalary ýatdan aýtmakda, alaja işmekde, çagany hüwdülemekde bäsleşdiler. Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan aýdyp bilýän zenanlara TDP-niň etrap komiteti tarapyndan baş baýrak hökmünde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol bir wagtyň özünde TDP-niň işjeň agza zenanlaryna, bäsleşigiň ýeňijilerine, çäräniň dowamynda ussatlyk görkezen zenanlara TDP-niň etrap komitetiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

09.03.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti