Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolup taryha girýär. Ýylyň başyndan bäri bolup geçen wakalar döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynyň kämil derejede berkeýändigini hem-de diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, dünýäde ählitaraplaýyn durnukly ösüşiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň pugtalanmagyna uly esas berýändigini doly äşgär etdi. Döwletimizde emele gelen galkynyş taryhy ösüşiň binýadyndan gözbaş alyp, jemgyýetde sazlaşykly hem durnukly ýagdaýyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Şeýle hakykat ýurdumyzda milli demokratik ýörelgeleriň kämil nusgasynyň döredilýändigini açyp görkezýär. Ony halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçen Halk Maslahatynyň mejlisiniň mysalyndan hem aýdyň görmek bolýar. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, jemgyýetde agzybirligi hem jebisligi pugtalandyrmakda Halk Maslahatynyň örän uly ähmiýete eýedigini ýyllar subut edip gelýär.
Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlaryndan belli bolşy ýaly, bu günki gün türkmen döwleti ösüşiň kämil sepgidine tarap uly ynam bilen barýar. Çünki halk bilen sazlaşykly hem-de ysnyşykly, bitewi häsiýetde amala aşyrylýan her bir tutumly iş özüniň oňyn netijesini berýär. Täze döwürde ösüş maksatnamasyny tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň geljegini şu günden gurmak we uzak döwre niýetlenen taryhy tutumlary amala aşyrmak maksat edinilýär. Olaryň esasynda halk demokratiýasynyň dabaralandyrylmagy, halkyň ösen isleginiň nazarda tutulmagy bolsa döwletli işlere mazmun baýlygyny eçilýär. Taryhy çykyşlarda öňde goýlan wezipeleriň ählisi şeýle maksatlara gönükdirilýändigi bilen aýratyn gymmatlydyr. Bularyň many-mazmunyny, ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek bolsa syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň belent borjy bolup durýar.
Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
14.11.2024 ý