Döwrüň buýsançly ýaňy

Şu ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly buýsançly şygary Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygrynyň mazmun baýlygyny, akyldar şahyra belent hormatyny we onuň edebi döredijiliginiň döwlet gurujylyk işindäki ähmiýetini açyp görkezýär. Taryhy tutumlara beslenip amala aşyrylan beýik işler buýsançly şygar bilen dabaralandyrylan şu ýylymyzyň many gymmatlygyny has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhaslylyk bilen amal edýän, durmuşa geçirýän belent tutumlary bu günki gün halkymyzyň owadan ýaşaýşa, döwletimiziň ajaýyp durmuşa ýetmegine, belent maksatlaryň ýoly bilen täze sepgitlere tarap öňe gitmegine uly itergi bolýar.

Akyldar şahyrymyzyň hormatyny belende götermek, döredijiligini sarpalamak ýaly asylly ýörelgelerimiz bu günki gün diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde mertebelenýär. Beýik Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň BMG-niň derejesinde geçirilmeli çäreleriň hatarynda giňden dabaralandyrylmagy aýdylanlara doly esas bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň netijesinde dünýäde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Bu günki gün ýurdumyzda halkara derejeli forumlar, maslahatlar, sergiler, olimpiadalar, ýaryşlar, dabaralar guralýar we işjeň häsiýetde geçirilýär. Ykbaly göterilen türkmen tutuş dünýäni bir supranyň başyna jemleýär. Bu gudrat türkmeniň beýik keramatynyň, adamzadyň ykbalyna ýiti täsirini ýetirýän ýagşy amallaryň hakykatdaky nusgasydyr. Her bir durmuşa geçirilýän tutumly işleriň, günübirin şaýat bolunýan wakalaryň mysallary akyldar şahyrymyzyň ýiti döredijiligine siňdiren ýürek arzuwlarynyň, belent maksatlarynyň amala aşmasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygryndaky dürdäne setirlerde  beýan edilýän ýagşy niýetler akyldar şahyrymyzyň öz döredijiligine siňdiren uly umytlarynyň häzirki nusgawy tutumlardan görklenen dünýäniň, döwrüň buýsançly ýaňy bolup ýaňlanýar:

Goý, ýürekler bir bolup, baky gül açsyn dünýä!
Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!
Ýurdumda adamzada beýik geljek görünýär,
Ak günleriň hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Halkymyzy Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwranly döwrüne ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu babatda alyp barýan ýeneki tutumlary uly rowaçlyklara beslensin!

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap  komitetiniň başlygy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

28.11.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti