Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Ine, şeýle kesgitleme biziň halkymyz üçin Garaşsyz eýýamyň ösüş ugurlaryny, maksatlaryny, geljegini kepillendirýän ilkinji şertleriň biri bolup durýar. Bitaraplygyň kepillikleriniň täsiriniň uludygyny wagt barha äşgär edip, saýlanyp alnan bu syýasy-jemgyýetçilik ösüş ýolunyň diňe döwletiň syýasy esasy bolmak çäginden has giňdigini ýüze çykarýar.
Bitaraplyk türkmen halkynyň dünýägaraýşyna, ruhuna, aňyýetine düýpli ornaşan düşünjedir. Çünki hemişelik Bitaraplyk baradaky konstitusion kesgitlemede bellenen halkara borçlardan başga-da, bu babatda döwlet syýasatynyň täsiri bilen halkyň jemgyýetçilik aňy, özboluşly garaýyşlary kemala geldi. Şol garaýyşlar, düşünjeler tarp ýerden täzeden döremedi. Munuň özi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen, milli garaýyşlaryna laýyk bolmadyk dürli syýasy-jemgyýetçilik, ruhy, aňyýet täsirleri netijesinde belli bir derejede öçügsileşen milli ýolunyň täzeden galkynmasy boldy. Köp asyrlardan soň dünýä ösüşine Garaşsyz döwlet hökmünde, halkara hukugyň kadalary esasynda goşulyşan türkmen döwletiniň syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň düýp mazmunynda halkyň gadymy durmuş, döwletlilik ýolunyň dikeldilmeginiň ilkinji hem esasy alamaty bolsa Bitaraplyk syýasatydyr.
Tebigatdaky hakyky gymmat bahaly daşlaryň öz durkuny, gymmatyny hiç haçan ýitirmeýşi ýaly, milli häsiýet hem jemgyýetçilik durmuşynyň iň gymmatly, durnukly ruhy-aňyýet ahwaly hökmünde saklanýan aýratynlykdyr. Milli mentaliteti, ýagny häsiýeti döwürleriň-de, wagtyň-da, her hili täsirleriň-de düýpli özgerdip, üýtgedip bilmeýändigini Garaşsyzlyk eýýamy anyk ýüze çykardy. Bu hakykaty biz Gahryman Arkadagymyzyň egsilmeýän paýhas çeşmesi bolan gymmatly kitaplarynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda äşgär görýäris.
Döwrüň ösüş akymlaryny seljerip, türkmen halkynyň milli häsiýetine, ruhuna, heňňam ýollarynda bu dünýäden islän, garaşan maksatlaryna we tagallalaryna düşünip bolýar. Türkmen halkynyň öňe çykaran beýik şahsyýetleri her döwürde-de bolupdyr. Olar dünýä ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Ýöne biziň halkymyzyň milli häsiýetini içgin öwrenen bilermenler üçin bir hakykat aýan bolupdyr, ýagny tutuş halkyň jemgyýetçilik aňy örän işjeň häsiýetlidir we birnäçe asyr özbaşdak döwletli bolmagy arzuwlap ýaşan türkmen halky raýat jemgyýetiniň alamatlaryny berk saklap, milli jemgyýet hökmünde öz durmuşyny dolandyrmagy başarypdyr. Türkmen halkynyň milli häsiýetleri, durmuş ýörelgeleri hakynda Gahryman Arkadagymyz öz kitaplarynda giňişleýin we düýpli pikirleri beýan edip, halkyň milli häsiýetlerindäki ruhy, aňyýet gymmatlyklarynyň umumadamzat gymmatlyklary bilen baglanyşygyna üns berýär. Hususan-da, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitapda bu babatda täzeçe, döwrebap garaýyşlar öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyzyň pikir-garaýyşlary döwrüň kämil şahsyýetiniň, berkarar döwletiň häzirki zaman binýatlaryny kemala getiren görnükli syýasatçynyň paýhas çuňlugyny aňladyp, bada-bat kalbyňa ornaşýar, çylşyrymly döwrüň köp meselelerine aýdyň düşünmäge ýardam berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Adam eýýamlaryň dowamynda ömür sürüp, bir hakykaty ykrar etdi: akyl-paýhas könelmeýär” diýip belleýär. Şundan görnüşi ýaly, dünýä ösüşiniň iň ýokary belentliklerine çykyp, ylmyň, tehnologiýanyň gazananlary netijesinde ýaşaýyş şertleriniň görlüp-eşidilmedik derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde-de akyl-paýhas hazynasynyň adamzady köp nogsanlyklardan halas etmegiň, adamlaryň ýagşylyga, adalata, ynsanperwerlige bolan ynamyny gorap saklamagyň esasy daýanjydyr diýilse, dogry bolar. Daşky gurşawy, tebigat gözelliklerini gorap saklamak üçin dünýä jemgyýetçiligi nähili uly tagalla edýän bolsa, ynsanyýetiň ruhy-ahlak dünýäsiniň hem müňlerçe ýylda kemala gelen gözel duýgularynyň durkuna zeper ýetmez ýaly, ony goramak üçin çuňňur aňyýet işi zerurdyr. Munuň özi döwrüň syýasy-jemgyýetçilik ösüşiniň talabydyr.
Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman adamzat ýaşaýşynyň dogry ýollary barada iňňän möhüm pikirleri orta atyp, şeýle diýýär: “Adamzat dogry ýaşamagyň tertip-düzgünlerini durmuşda giňden özleşdirip, ony kada öwürýär. Ol dürlüçe atlandyrylyp, teologiýa, filosofiýa, etika, estetika, logika we beýleki ylymlaryň kämilleşmeginde uly orny eýeläpdir”. Milli Liderimiziň paýhasly belleýşi ýaly, türkmen halky şol kada-kanunlary “türkmençilik” diýip şertli atlandyrypdyr we ol ýaşaýşyň özboluşly toplumynda has pugtalanypdyr. Şunda seljermäniň özeni bolan “dogry ýaşamak” düşünjesiniň ilkinji şerti bolsa parahatçylykdyr, ylalaşykdyr we her bir halkyň asuda, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara hem döwlet syýasatydyr. Şoňa görä-de, jemgyýetleriň dogry ýol bilen ösmegini alamatlandyrýan ýagdaýlary saýgarmak, döwrüň ýüze çykarýan talaplaryna düşünmek bilen, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik ösüşini sazlaşykly alyp gitmäge mümkinçiligiň uludygyny Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty aýdyň görkezýär.
Her bir adamyň, her bir halkyň, ýurduň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklarda özüni alyp barmagynyň, syýasy jähetden sazlaşykly hereket etmeginiň kada-kanunlary, düzgünleridir ýörelgeleri bardyr. Olaryň jemgyýetde ýaşaýyş-durmuşyň dogry ýoly hökmünde berk ýöredilmeginde syýasy-jemgyýetçilik, medeni-aňyýet işleriniň örän uly täsiriniň bardygyny türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň eýerýän paýhasly döwletlilik ýoly aýdyň görkezýär we bu ýoluň umumadamzat ähmiýetli, özüne çekiji tejribesi bardyr. Bu döwletlilik ýoly halkymyzyň aň-düşünjesine, ýaşlaryň häsiýetine, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna uly täsir edýär. Häzirki döwrüň nesilleriniň düşünjesinde bitarap, parahat ýurduň raýaty hökmündäki buýsanç uludyr. Şunda dost-doganlyk gatnaşyklaryny aňyýet işiniň esasy mazmuny hökmünde öňe sürýän Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen ylalaşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly alnyp barylmagynda tutuş jemgyýetiň düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň, her bir adamyň bitarap döwletiň raýaty hökmünde tutýan ýolunyň berk orny bardyr. Ine, şu jähetden alnanda, halkyň häsiýetindäki oňyn garaýyşlarda Bitaraplygyň orny aýratyn täsirlidir. Ýurduň asudalygy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ygtybarlylygy, goraglylygy, esasan, jemgyýetçilik durnuklylygyna hem-de ýurduň syýasy-ykdysady ösüş ugurlarynyň döwrebaplygyna baglydyr diýmek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr. Çünki bu dostluk döwletleriň ählumumy ýörelgelere ygrarlylyk babatda bitewüleşmegidir. Dostluk adamzadyň ýakynlaşmagynyň ýoly. Milli Liderimiziň parahatçylygyň we dostlugyň röwşen ýoluny dünýä syýasatynyň özboluşly, täsirli ugruna öwrendigini dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat strategiýasynyň giňden goldanýandygy aýdyň subut edýär. Häzirki zaman halkara gatnaşyklaryndaky we ählumumy ösüş ýolundaky çözülmesi kyn meseleler, gapma-garşylyklar Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini we ornuny has-da artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli syýasy-jemgyýetçilik çygrynda, sebitleýin we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda Bitarap döwletiň syýasy ýörelgeleriniň nukdaýnazary bilen, parahatçylygy üpjün etmekde, ylalaşykly hyzmatdaşlygy gazanmakda örän işjeň hem netijeli syýasaty alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz iri halkara forumlarda, daşary ýurtlara saparlary wagtynda geçirilýän duşuşyklarda, döwlet derejeli syýasy-jemgyýetçilik çärelerinde çykyş edende, parahatçylygy üpjün etmegi we ähli meselelerde gepleşikler arkaly ylalaşyk gazanmagy döwlet syýasatynyň baş ugry, düýp mazmuny hökmünde öňe sürýär. Gahryman Prezidentimiziň parahatçylyk babatda dünýä jemgyýetçiligine yzygiderli ýetirýän möhüm başlangyçlarynyň türkmen halkynyň taryhy ösüş babatdaky beýik mirasyndan gözbaş alýandygy milli döwletlilik ýolunyň üstünlikli, netijeli tarapydyr. Döwlet Baştutanymyzyň Bitaraplygymyzyň bütin dünýä üçin nusgalykdygy baradaky paýhasly pikiri ählumumy ösüşiň häzirki pursatlary üçin örän derwaýysdyr. Çünki häzirki döwürde halkara gatnaşyklardaky we döwletliligiň halkara hukukdaky umumy ykrar edilen düzgündir tertibi kähalatda oňaýsyz ugurlar boýunça özgerýär we halkara gatnaşyklary çylşyrymlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz: “Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir” diýip nygtaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň parahatçylykly ösüş ýoluny bütin dünýäde dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň ägirt uly taryhy ähmiýetiniň bardygyny biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz doly subut edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 12-nji dekabrynyň “Halkara Bitaraplyk güni” hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlardygy bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, köpugurly halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna berk ygrarlydygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, özara düşünişmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.
Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty
“Türkmenistan” gazeti
20.11.2024 ý