Geňeşli halk döwletlidir

Watana bolan egsilmez söýgüsi, döredijilikli zähmeti bilen Garaşsyzlygyny berkiden we dost-doganlyk ýörelgesi bilen Bitaraplygyny äleme ýaýan bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýik ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege tarap ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk beýik işlerini mynasyp dowam etdirip, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tutumlara badalga berýär.

Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgelerimize hem-de merdana pederlerimiziň bu ugurda toplan baý tejribesine esaslanylýar. Il-ýurt bähbidine, hususan-da, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen döwletli tutumlary halkymyz bilen maslahatlaşmak ýaly milli demokratiýamyzyň asylly ýörelgeleriniň dowam etdirilmegini — her ýylda döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegini munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň ady şygar edinilen üstümizdäki ýylyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuna taýýarlyk görülýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary derejede geçirildi. Munuň özi merdana pederlerimizden gelýän mukaddes däplerimiziň esasynda her bir işiň başy tutulanda halka sala salmak ýörelgesiniň — türkmen demokratiýasynyň has-da dabaralanýandygynyň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi we bu ugurda il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edildi. Şol çözgütleriň mähriban Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýändigi guwandyryjydyr.

Döwletli maslahatlar geçirilip, olarda il bähbitli, ýurt ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi bagtyýar raýatlarymyzda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem agzybir halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyran şanly waka bolup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy.

Toýguly Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

14.11.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Türkmenbaşy etrap komiteti