Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkara derejede uly ähmiýete eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerip, dünýäde parahatçylygyň höküm sürmeginiň tarapdarydygyny aýdyň görkezýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlary, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrundaky maksatlary bütin dünýäde goldanylýar. Halkara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýän ýurdumyz milli bähbitleri bilen bir hatarda, sebitara hyzmatdaşlygy, özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary hem ileri tutýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler döwletimiziň adyny arşa çykarýar, goňşy we beýleki döwletler bilen ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklary giňeldýär. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, halkara hukugyň ýörelgelerini, ynsanperwerligiň aýdyň maksatlaryny, adalatlylygy, birek-birege hormat goýmagy ykrar etmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de uly işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny alamatlandyrýar. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini çözmekde BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu iri wekilçilikli halkara düzüm bilen gatnaşyklarynyň barha giň gerim alýandygyny dünýä ýaýýar. Hoşniýetli daşary syýasat şertlerini üpjün etmek bilen, Türkmenistan dünýäde medeni diplomatiýany has-da rowaçlandyrýar, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň binýadyny berkidýär. Dünýä bileleşiginiň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we dünýä döwletleriniň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen tagallalaryna ýurdumyz uly goşandyny goşýar. Oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän her bir başlangyç halklaryň arasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkidýär.
Türkmenistanyň halkara giňişlikde barha berkeýän netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen diplomatik işjeňligini hem-de belent abraýyny alamatlandyrýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasy ugrunyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolup galýandygy bilen şertlendirilendir.
Söhbetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
21.11.2024 ý