Adamzada beýik söýgini dabaralandyrýan dana

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şanly wakalar biri-birine ulaşyp, olar halkymyzyň dana şahyra goýýan hormat-sarpasynyň uludygyny görkezýär. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagyny şolaryň iň esasylarynyň biri hökmünde buýsanç bilen görkezip bileris. «Ussat şahyryň çuňňur parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyrýar» diýip, hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda eden taryhy çykyşynda aýratyn nygtap aýtdy.

Parasatly pikirleri bilen tutuş adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyran dana şahyrymyzyň belent heýkelini synlanyňda, şeýle beýik ynsany dünýä beren halkyň wekilidigiňe buýsanjyň artýar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum Magtymguly Pyraga bolan söýgi-buýsanjymyzy täze belentliklere göterdi. Şahyryň edebi döredijiligini giňden wagyz etmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu taryhy waka Magtymguly Pyragynyň umumadamzadyň şahyry hökmünde älem içre belent ykrarnama eýediginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Şemşat Tagyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

"Balkan" welaýat gazeti

21.11.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Balkanabat şäher komiteti