Röwşen geljege ynam

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda ýöredip gelýän asylly ýörelgeleriniň naýbaşysy ýurt ähmiýetli, halk bähbitli meseleleri maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek dessurydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni mähriban halkymyzyň eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetinde gazanýan ajaýyp üstünliklerine beslenýär. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Taryhy ähmiýetli ählihalk forumy halkyň wekilleriniň bir ýere jemlenip pikir alyşmagy türkmen demokratiýasynda öz mynasyp ornuny alan döwletlilik taglymatynyň ýene-de bir aýdyň şöhlesidir. Munuň özi halka hyzmat etmek, onuň bähbitlerini goramak we jemgyýetde ruhy galkynyşy üpjün etmek ýaly, ýörelgeleriň özygtyýarly türkmen döwletiniň esasy maksatlarydygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Watanymyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp, milletiň ykbalyna täsir edýän anyk kararlardyr çözgütleriň kabul edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň röwşen geljege ynam bilen barýandygynyň nyşanydyr.

Nurmyrat Akmyradow, TDP-niň Murgap etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

28.11.2024 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Murgap etrap komiteti