Halk bähbitli beýik işler

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýurdumyzyň ýüregi bolan şäherimiz syýasy-dolandyryş, ylmy, medeni, senagat, söwda, ulag merkezi bolmak bilen, uly ykdysady we ylmy mümkinçiliklere hem eýedir» diýip belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz dünýäniň iň öňdebaryjy şäherleriniň hataryna goşulýar. Aşgabat şäherinde gurulýan ak mermerli binalar, giň we ýagty aýna ýaly şaýollar, älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri göreni haýrana goýýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ata Watanymyzda häzirki wagtda gurulýan şaýollar, demir we howa ýollary, şeýle-de köprüler raýatlaryň ömrüniň goraglylygyny, asuda hereketi sazlamak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Ata-babalarymyzyň gyzyla gaplaýmaly dana pähimlerinde, wesýetlerinde hem aýdylyşy ýaly, ýol, köpri gurmak iň sogaply işler hasaplanýar. Bu sogaply tutumlar bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde güýçli depginlerde alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda gözel paýtagtymyzda täze şaýollaryň gurulmagy, öňki bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenmegi ýurt möçberinde alnyp barylýan döwletli tutumlaryň barha rowaçlanýandygyndan habar berýär. Paýtagtymyzyň gözelligine görk goşup oturan Garaşsyzlyk, Magtymguly, Arçabil, Çandybil ýaly birnäçe şaýollar hem halkymyzyň parahat durmuşyň hözirini görüp, rahat ýaşamagy üçin döredilýän şertleriň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Mähriban halkymyza asuda, abadan durmuşda ýaşamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Çarymyrat Hangeldiýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy

"Aşgabat" gazeti

28.11.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Bereket etrap komiteti