Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi türkmen halkynyň köpasyrlyk edebi mirasynda öçmejek yz galdyrdy. Dana şahyryň pähim-paýhasly, çuňňur filosofiýa ýugrulan şygyrlary bahasyna ýetip bolmajak dürler hazynasydyr.
Pyragynyň Watanyny, ene topragyny, öz halkyny jany-teni bilen söýendigini, ony şahyrana beýan edendigini eserlerinde duýmak bolýar. Bir bitewi, özbaşdak, özygtyýarly döwlet bolunmagyny bütin ömrüne arzuw edip, şygyrlarynda bu arzuwyny çeper teswirläpdir. Şahyr “Türkmeniň” atly goşgusynda Amyderýa bilen Hazaryň arasynda ýaýlyp ýatan türkmen topragynyň waspyny göwnejaý beýan edipdir. Türkmen halkynyň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny, türkmeniň tire-taýpalarynyň birleşip, bir döwlete gulluk etmeklerini arzuwlapdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynda belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr.
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine dolanyp gelmek bilen, onuň eserlerinde watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ene topragy gözüň göreji deý goramagyň iňňän uly orun eýeländigini ýatlamalydyrys. Bu babatda akyldar şahyrymyzyň “Depe nedir, düz nedir”, “Öňi-ardy bilinmez” we beýleki ençeme şygyrlary özüniň doly manysynda öwüt-ündewiň hazynasy bolup durýar. Şahyryň şygyrlaryny okanyňda onuň bütin dünýä, adamzat barada pikir öwrüp, ynsana dogry ýoly salgy berýän beýik şahsyýetdigine göz ýetirýärsiň.
Çary Öwezow, TDP-niň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
28.11.2024 ý