Mynasyp sowgatly geldiler

Rysgal-berekede, şanly wakalara, toýlara beslenýän Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan Gyzylarbat etrabynyň babadaýhanlary döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Etrapda şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý eden işine yhlasly babadaýhanlar, kärendeçiler Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.

Etrabyň «Goç» daýhan birleşiginde hem pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, hasylyň mukdaryny artdyrmakda kärdeşlerine görelde bolýan daýhanlaryň sany örän köp. Olaryň arasynda kärendeçiler: 2 gektar ýerden 5,5 tonna golaý hasyl tabşyran Mütmingylyç Kerimowyň, 2,5 gektar ýerden 6,5 tonna golaý hasyl alan Dessegül Hudaýgulyýewanyň, 12 gektar ýerden 29 tonna golaý hasyly Watan harmanyna goşan Tirkeş Ýaryýewiň, 4 gektar ýerden 9,5 tonna «ak altyn» alan Mergen Garajaýewiň atlaryny hormat bilen tutmak bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan «ak altyn» ussatlary ähli tagallalaryny gowaça hasylynyň soňky hanasyna çenli isripsiz ýygnalmagyna gönükdirýärler. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek maksady bilen pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmagy olary has-da joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Şamyrat Akmämmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy

"Balkan" welaýat gazeti

07.11.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Gyzylarbat etrap komiteti